Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň gatnaşyjylary 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip atlandyrmak baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldadylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza döwletlerini ählumumy parahatçylygyň binýady hökmünde köptaraply hyzmatdaşlyk mehanizmlerini berkitmäge we Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky teklibini goldaýandygymyzy beýan edýäris. Munuň BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen halkara hukugyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň ählumumylygyny we hökmürowanlygyny güýçlendirmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň beýany boljakdygyna ynanmaga çagyrýarys» diýlip, resminamada bellenilýär.
Jarnamada foruma gatnaşyjylar BMG-niň Tertipnamasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine, şol sanda döwletleriň özygtyýarlylygyna, çäk bitewülige hormat goýmaga, içerki işlere gatyşmazlyga we jedelleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Şeýle-de foruma gatnaşyjylar bitaraplyk, parahatçylyk we ynanyşmak meselelerine bagyşlanan halkara we sebitleýin forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini nygtadylar.
Resminamada 2030-njy ýylyň nobatdaky gezek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilendigi bellenilýär.

