Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň gatnaşyjylary Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny gyzgyn goldadylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.
«Birleşen Milletler Guramasynyň giň syýasy-diplomatik serişdeleri we öňüni alyş diplomatiýasynyň usullaryny ulanmaga esaslanýan parahatçylygy ýola goýmakdaky tejribesini, bitaraplygyň amaly häsiýetini ösdürmegi belläp geçýäris. Bu ugurda ylmy-barlag we bilim işlerini amala aşyrmak maksady bilen, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Parahatçylyk uniwersiteti» atly Kararnamasyny göz öňünde tutup, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek baradaky teklibini makullaýarys» diýlip, resminamada bellenilýär.
Resminamada BMG-niň parahatçylyk söýüjilik tejribesi, syýasy we diplomatik gurallaryň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň usullarynyň giňden ulanylmagyna esaslanýandygy nygtalýar. Uniwersitetiň döredilmegi bitaraplyk we gapma-garşylyklary parahatçylykly çözmek ulgamynda ylmy-barlag we bilim işlerini ösdürmek üçin niýetlenendir.
Şeýle-de foruma gatnaşyjylar BMG-niň ähli agza döwletlerini, sebitleýin guramalary we raýat jemgyýetini bilim, medeni we syýasy başlangyçlar arkaly parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmagy işjeň goldamagy dowam etdirmäge çagyrdylar.

