Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan halkara forumyň gatnaşyjylary Türkmenistanyň öz çäginde BMG-niň goldawy bilen Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek baradaky teklibini goldadylar. Bu barada forumyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.
«Parahatçylykly gepleşikleri we gapma-garşylyklary çözmek proseslerini geçirmek, şol sanda araçylyk üçin ýörite meýdançalary döretmek üçin bitarap döwletleriň çäklerini netijeli ulanmaga we Türkmenistanyň öz çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň goldawy bilen Parahatçylyk üçin araçylyk palatasyny döretmek hakyndaky teklibini minnetdarlyk bilen belleýäris» diýlip, Jarnamada nygtalýar.
Resminamada bu teklibe agza döwletler we Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamy tarapyndan seredilmegiň zerurdygy bellenilýär. Şeýle-de foruma gatnaşyjylar çaknyşyklaryň öňüni almakda we halkara parahatçylygy saklamakda esasy gural hökmünde öňüni alyş diplomatiýasynyň ähmiýetini nygtadylar.
Jarnamada Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2788 belgili Kararnamasyny biragyzdan kabul edendigi, şonda BMG-niň Tertipnamasynyň 33-nji maddasynda göz öňünde tutulan, dawalary parahatçylykly çözmek, şol sanda araçylyk mehanizmlerini netijeli ulanmak ýörelgesine eýermäge gyssagly çagyryş edilýändigi ýatladylýar.
Mundan başga-da, foruma gatnaşyjylar Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň möhüm ähmiýetini hem belläp geçdiler.

