Türkmenistanyň azyk senagatynyň öňdebaryjy kompaniýasy bolan «Täze aý» eýýäm 20 ýyldan gowrak wagt bäri täze ýyl baýramlarynda müşderilerini dürli et önümleri we ýarym taýýar harytlary bilen begendirip gelýär. 2005-nji ýylda işe girizilen şöhlat we et önümlerini öndürýän kärhana her gün 45 tonna çenli önüm çykaryp, olaryň 109-dan gowrak görnüşini hödürleýär. Bu bolsa dürli tagamlara we müşderileriň isleglerine laýyk gelmäge mümkinçilik berýär.

Baýramçylyk möwsüminiň assortimenti gaýnadylan we ýarym kakadylan şöhlatlary, et delikateslerini hem-de ýarym taýýar önümleri öz içine alýar. Meşhur brendleriň hatarynda «Adalat», «Halal», «Täze aý peýnirli», «Belent», «Ezber», «Nesibe», «Sülgün», «Toýly», «Ösüş», «Aşgabat», «Daýanç», «Bagtyýarlyk», «Hakykat», «Parahat», «Lebap», «Awaza» şöhlatlary bar. Mundan başga-da, kärhana «Stix beef», «Stix chicken», «Şamçyrag», «Mesgen», «Oguz», «Peşgeş», «Sahabat», «Awçy» we beýleki görnüşler boýunça hem dürli önümleri öndürýär.

Aýratyn üns baýramçylyk saçagy üçin täze etden taýýarlanan ýarym taýýar önümlere berilýär: «Altyn guş», «Tagamly», «Basturma», «Sygyr dili», «Towuk but», «Towuk dolama», «Goýun etinden huruşly guýruk» we beýlekiler. Bu önümler baýramçylyk naharlaryny çalt we tagamly taýýarlamaga mümkinçilik berýär, şol bir wagtyň özünde hem ýokary hilini we tebigy tagamyny saklaýar.
«Täze aý» kompaniýasy ýokary hile we howpsuzlyk ülňelerine berk eýerýär. Kärhanada — ISO 22000:2018, ISO 9001:2015 we Halal halkara standartlary ornaşdyrylandyr, olary Şweýsariýanyň SGS kompaniýasy tassyklaýar. Hil gözegçiligi önümçiligiň ähli tapgyrlarynda — çig malyň kabul edilmeginden başlap, taýýar önümiň gaplanmagyna çenli amala aşyrylýar.

Häzirki zaman enjamlary, ýokary derejeli işgärleri we berk hil gözegçiligi bilen «Täze aý» kompaniýasynyň önümleri müňlerçe müşderiniň ynamyny gazandy. Täze ýyl baýramynda kompaniýanyň et önümleri we şöhlatlary ilatymyzyň saçagyny bezäp, baýramçylyga tagam, hoşboý ys we rahatlyk gurşawyny goşar.

«Täze aý» kompaniýasynyň önümleri tebigy tagamyň, howpsuzlygyň we tutuş maşgalanyň saglygyna üns berilmeginiň utgaşmasydyr diýip, müşderiler arkaýyn bolup bilerler. Kompaniýa et önümleriniň we ýarym taýýar harytlaryň önümçiliginde öz ornuny berkitmegi dowam etdirmek bilen, ol maşgala saçagy ýa-da dabaraly täze ýyl çäresi üçin iň amatly saýlawy teklip edýär.

