Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparynyň nobatdaky mejlisiniň 2026-njy ýylyň fewral aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlary toparynyň düzümine 29 döwlet girýär. 2025-nji ýylda bu halkara platforma Azerbaýjan, Täjigistan we Eswatini goşuldy.
Bitaraplygyň dostlary topary barada
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary topary Türkmenistanyň başlangyjy bilen esaslandyryldy. Ol BMG-niň çäginde bitarap döwletleriň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini amaly taýdan ulanmak meseleleri boýunça köptaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Toparyň iş düzgünine laýyklykda, Bitaraplygyň dostlary topary Nýu-Ýork şäherinde azyndan alty aýda bir gezek ilçiler derejesinde mejlis geçirýär, şeýle hem her ýyl daşary işler ministrleriniň derejesinde duşuşyklar guralýar.
Toparyň ilçiler derejesindäki ilkinji mejlisi 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Nýu-Ýorkda geçirildi. Daşary işler ministrleriniň derejesindäki ilkinji duşuşyk bolsa 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda bolup geçdi.

