2025-nji ýylda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyna Azerbaýjan, Täjigistan we Eswatini goşuldy. Munuň netijesinde halkara platformanyň gatnaşyjylarynyň sany 29 döwlete ýetdi. Bu barada Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekilhanasy habar berdi.
Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasynyň habarynda bellenilişi ýaly, bu ýagdaý halkara jemgyýetçiliginiň BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgelerine laýyklykda parahatçylygy ilerletmekde, ynanyşmagy berkitmekde, howpsuzlygy üpjün etmekde we durnukly ösüşi goldamakda bitaraplygyň täsirli gural hökmünde ulanylmagyna bolan gyzyklanmasynyň artýandygyny görkezýär.
Bitaraplygyň dostlary topary barada
Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna döredilen Bitaraplygyň dostlary topary gapma-garşylyklaryň öňüni almakda, olaryň sebäplerini we netijelerini aradan aýyrmakda, şeýle hem ynsanperwer meseleleri çözmekde bitaraplygyň ýörelgelerini amaly taýdan ulanmak boýunça BMG-niň çäginde köptaraplaýyn dialogy ösdürmek üçin meýdança bolup hyzmat edýär.
Türkmenistan bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan syýasat alyp barýan ýurtlaryň parahatçylyk döredijilik mümkinçiliklerini amaly taýdan ulanmak meseleleri boýunça, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň çäginde halkara derejede yzygiderli dialogy ösdürmek maksady bilenб Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegiтш teklip etdi.
Bitaraplygyň dostlary toparynyň ilçiler derejesindäki ilkinji mejlisi 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda Nýu-Ýorkda geçirildi. 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda bolsa Aşgabat şäherinde Bitaraplygyň dostlary toparynyň ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygy geçirildi.

