Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň Aşgabatdaky täze bellenen ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Lusiano Nkọgo Ndong Aýekaba bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi duşuşygyň dowamynda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Ekwatorial Gwineýa Respublikasynyň syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydygy tassyklanyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmagyň, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklary ýola goýmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Halkara guramalaryň çägindäki hyzmatdaşlyk barada durup geçmek bilen, diplomatlar Birleşen Milletler Guramasynyň meýdançasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň netijelidigini bellediler. Ilçi Lusiano Nkọgo Ndong Aýekaba özüne bildirilen gutlaglar üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

