Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda berilýän maglumatda şeýle diýilýär:
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 13 metrden 14 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -3 gradus sowukdan +1... +3 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +2... +4 gradusdan +7... +9 gradus aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3... +2 gradusdan 0... +5 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +7... +12 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +3... +8 gradus aralygynda maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +1... +6 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0... -5 gradus sowukdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +6... +11 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1... -6 gradus sowukdan -1... +4 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine 0... +5 gradusdan +8... +13 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ahyrynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 10 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2... -7 gradus sowukdan -4... +1 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine -3... +2 gradusdan +1... +6 gradus aralygynda maýyl bolar.

