Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideriniň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllyk şanly toýy mynasybetli daşary ýurtlaryň raýatlaryna we Türkmenistanyň hormatly ýaşulylaryna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Türkmenistanyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, ýokary derejeli sylaga eýe bolan Koreýa Respublikasynyň Bütindünýä innowasiýalary öwreniş institutynyň başlygy Kim Jin Pýon, BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze, «Çalik Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalik, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Lýudwig Maksimilian uniwersitet klinikalar toplumynyň Fýurstenfeldbruk ylmy-gözleg klinikasynyň umumy we wisseral hirurgiýa klinikasynyň baş lukmany doktor Şpelsberg Fritz Wilhelm Wolfgang bu sylaglary özlerine bildirilen hormat hökmünde kabul edýändiklerini aýtdylar hem-de Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Ýaşulylar geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny hem-de ýadygärlik kümüş nyşanyny gowşurmak dabarasy boldy.
Resminamalar dolulygyna metbugatda çap ediler diýlip «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
