Şu gün Türkmenistan hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny dabaraly ýagdaýda belledi. Baýramçylyk agşamky Aşgabadyň asmanyny ýagtylandyran ajaýyp feýerwerk bilen tamamlandy. Paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary dürli görnüşlerdir reňkler bilen bezelen älemgoöar öwüşginli feýerwerklere tomaşa etdiler.
Ozal habar berşimiz ýaly, baýramçylyk Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlady. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet we Hökümet Baştutanlary bilen birlikde ýurduň daşary syýasatynyň esasyny düzen bu taryhy wakanyň ýadygärligini hormatladylar.
