11-nji dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň Merkezi Aziýadaky Sebitleýin wekilhanasynyň başlygy Bilýana Miloşewiç bilen duşuşyk geçirildi.
Türkmen tarapyna Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa wekilçilik etdi.
Taraplar şu ýyl Türkmenistanyň Hökümeti bilen HGHK-nyň bilelikdäki işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Taraplar halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryny nazara almak bilen, mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge ygrarlydyklaryny bildirdiler.
Duşuşykda 2026-njy ýyl üçin hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hem ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

