Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Azerbaýjan tarapynyň başlangyjy bilen geçirilen telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Ilham Aliýew Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara derejesinde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen gutlady we doganlyk ýurda ösüş arzuw etdi. Bu barada Azerbaýjanyň Prezidentiniň Metbugat gullugy habar berdi.
Ilham Aliýew 12-nji dekabrda Azerbaýjanda Umumymilli Lider Geýdar Aliýewiň hormatyna Hatyra gününiň bellenýändigini aýdyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelerde özüniň gatnaşyp bilmejekdigini belledi hem-de bu çärelerde Azerbaýjanyň Premýer-ministriniň gatnaşjakdygyny nygtady.
Prezident Ilham Aliýew mundan birnäçe gün öň Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň Türkmenistana amala aşyran saparyny ýatlap, azerbaýjan wekiliýetine görkezilen hormat we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Azerbaýjanyň döwlet Baştutany Geýdar Aliýew gaznasy bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamany hyzmatdaşlygyň nobatdaky öňegidişligi hökmünde ýokary bahalady.
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň gatnaşyjysy hökmünde Azerbaýjana berlen ählitaraplaýyn goldaw üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.
Prezident Ilham Aliýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny ýetirmegi haýyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli arzuwlar we gutlaglar üçin hoşallyk bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Umumymilli Lider Geýdar Aliýewiň hormatyna Hatyra güni mynasybetli gynanç bildirdi, onuň beýik şahsyýet bolandygyny nygtady. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow azerbaýjan halkynyň Umumymilli Lideriniň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmegine uly goşant goşandygyny belledi.
Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjany Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynyň doly hukukly gatnaşyjysy bolmagy bilen gutlap, Türkmenistanyň hemişe bu meýilleri goldandygyny nygtady.
Telefon arkaly geçirilen söhbetdeşlikde özara gyzyklanma döredýän beýleki meseleler boýunça hem pikir alşyldy.
