BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy Abu-Dabidäki Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynada türkmen talyplary üçin okuw maksatnamasyny gurady. Bu barada ilçihana habar berýär.
Okuw maksatnamasynyň çäginde Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelin Anwar Gargaş Diplomatik akademiýasynda okuw geçýän türkmen talyplary bilen duşuşyp, olaryň okuw-tejribeligini geçişleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleriniň gatnaşmagyna bäş günlük bu maksatnama okuw sapaklaryny hem-de tanyşdyryş gezelençlerini öz içine alýar. Türkmen talyplary okuw-tejribeliginiň dowamynda Birleşen Arap Emirlikleriniň syýasy, ykdysady, medeni we jemgyýetçilik ösüşleri bilen hem giňişleýin tanyşdylar.
2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen BAE-niň Anwar Gargaş adyndaky Diplomatik akademiýasynyň arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň esasynda bu iki ýokary okuw mekdebiniň arasynda özara bähbitlerden ugur alýan netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulandygyny bellemek gerek.
