Eýranyň daşary işler ministri Abbas Aragçi we Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Dar 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyk geçirmek boýunça ylalaşdylar.
«Reportyň» Eýranyň metbugatyna salgylanyp berýän habaryna görä, taraplar şu gün telefon arkaly gepleşik geçirdiler we onuň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibindäki möhüm meseleleri maslahatlaşdylar.
Ministrler Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň çäklerinde şahsy duşuşyk geçirmek barada-da ylalaşdylar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyny 12-nji dekabrda Aşgabatda döwlet Baştutanlarynyň we halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirmek meýilleşdirilýär.
