«Time» žurnaly Leonardo Di Kapriony 2025-nji ýylyň iň oňat artisti diýip yglan etdi. Ol bu derejä režissýor Pol Tomas Anderseniň iň girdejili bolan «Söweş yzyna söweş» filmindäki keşbi üçin mynasyp boldy.
Aktýor öň ýedi gezek «Oskar» baýragyna dalaşgärlige hödürlenipdi, emma ony diňe bir gezek – «Diri galan» filmi üçin aldy. Kino tankytçylary aktýoryň täze filmdäki keşbi üçin ikinji heýkeljigi hem alyp biljekdigini çaklaýarlar.
«Time» neşiri ýylyň adamyny 11-nji dekabrda yglan eder. Ol adam däl-de, emeli aň bolup biler, şeýle ähtimallyk 30 göterimden gowrak diýlip çaklanýar. Bu ada dalaşgärleriň hatarynda kiçigurluşlary öndüriji Jensen Huang (17 göterim), Rim Papasy Lew XIV (15 göterim) we «OpenAI» kompaniýasynyň başlygy Sem Altman (8 göterim) bar.
2024-nji ýylda ýylyň adamy diýlip, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, 2023-nji ýylda aýdymçy zenan Teýlor Swift yglan edildi.
