Soltan restoranlar ulgamynyň mähirli gurşawyna eýe bolup gördüňizmi — bu ýerde her bir myhman özüni aýratyn gadyr bilen kabul edilen myhman ýaly duýýar. Gadymy nusgalara laýyk taýýarlanylýan, diňe täze hem saýlama önümlerden bişirilen naharlar size Türkiýäniň hakykat ýüzündäki datly tagamyny duýmaga mümkinçilik berýär.

Soltan restoranynyň menýusynda:
• Meze we sowuk tagamlar — türk desterhanyny göz öňüne getirmekde hökman bolmaly tagamlar. Ýeňil, dürli görnüşli we nahara başlamak üçin kämil saýlaw.
• Aýratyn tagamly çorbalar — ezogelin, merjimek ýa-da ýaýla çorbasyny dadyp görüň. Her bir dadyp görme göwnüňi göterýär we tagamyň täze öwüşginliklerini açýar.
• Esasy naharlar — şireli kebaplar, agzyňda eräp gidýän kefte, seçelenip duran palaw we hoşboý ysy bilen özüne çekýän dolma. Ähli zat däp-dessura hormat bilen, myhmana söýgi bilen taýýarlanylýar.
• Süýjülik bilen jemleme — özboluşly türk desertleri we ajy çaý, aşhana gezelenjiňize kämil nokat goýýar.

Soltan restoranlarynda Türkiýäniň hakyky tagamyny özüňiz üçin açyp bilersiňiz!
Soltan restorany — bu diňe tagam barada däl-de, eýsem bu ýakymly gurşawdyr. Restoranyň ajaýyp içki bezegi we ünsli hyzmaty siziň her gezekki bize gelen wagtyňyzy kiçijik syýahata öwürer.

«Soltan» restoranlarynyň salgylary we maglumatlary:
«Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 17. Telefonlar: (+993 65) 30 88 88, (+993 12) 46 84 44, (+993 12) 46 88 44;
«Berkarar» SDAM, 3-nji gat, D 2. Telefonlar: (+993 61) 60 60 60, (+993 12) 46 88 08, (+993 12) 46 88 09;
«Berkarar» SDAM, 3-nji gat, K 1. Telefonlar: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81;
Andalyp köç., 80 B, 2-nji gat (Parahat-4). Telefonlar: (+993 65) 69 16 16, (+993 12) 47 40 25, (+993 12) 47 40 26, (+993 64) 69 44 44, (+993 12) 75 35 55, (+993 12) 75 36 66;
Magtymguly şaýoly 217, «Gül Zemin» SDAM, 3-nji gat, D 09. Telefonlar: (+993 63) 20 86 86, (+993 12) 90 33 70, (+993 12) 90 33 80;
«Aşgabat» SDAM, 3-nji gat C-3.24. Telefonlar: (+993 62) 21 86 86, (+993 12) 41 54 50, (+993 12) 41 54 51;
köçe 2127 (G.Kulyyew), jaý.72, 2-nji gat. Telefonlar: (+993 65) 72 61 62, (+993 12) 75 48 44, (+993 12) 75 49 44.
