Türkmenistanly türgen, söweş sambosy boýunça halkara derejeli sport ussady Abdylla Babaýew «Laçyn» («Сокол») ligasynyň 28-nji noýabrda Moskwa şäherinde geçiriljek turniriniň çäginde täjigistanly ýeňilmezek türgen Faiz Gulonow bilen tutluşar.
Bu söweş Witaliý Minakowyň ýolbaşçylyk edýän söweş ligasynyň üçünji ýaryşynyň çäginde «Lužniki» arenasynyň Halkara boks merkezinde geçiriler. Tutluşyk «Матч Боец!» teleýaýlymy arkaly göni ýaýlymda tomaşaçylara ýetiriler.
A.Babaýew pankration boýunça Dünýä kubogynyň üç gezek ýeňijisi, şeýle-de dünýä we Aziýa çempionydyr. Garyşyk söweş sungatynda ol bassyr dört gezek ýeňiş gazandy.
Onuň garşydaşy, täjigistanly 20 ýaşly Faiz Gulonow hem bassyr dört söweşi ýeňiş bilen tamamlady. «Men hyjuwdan doly we ýeňiş gazanyp, öňe gitmegi meýilleşdirýärin, şahsy mesele ýok» diýip, Gulonow tutluşykdan öňki pikirlerini paýlaşdy.
Agşamyň esasy söweşinde agyr agramyň wekilleri Hadis Ibragimow bilen Wiktor Nemkow tutluşarlar. Ähli tutluşyklar MMA-nyň düzgünleri esasynda geçiriler.
