Türkmenistanyň kyokuşinkaý karate boýunça milli ýygyndysynyň wekili 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Maebasi şäherinde geçiriljek Dünýä çempionatyna (The World Weight Kyokushin Karate Tournament – Japan 2025) gatnaşar.
Ýaryş 2025-nji ýylyň 26-njy noýabryndan 1-nji dekabryna çenli dowam eder. Kyokuşinkaý karate boýunça Dünýä çempionaty her dört ýylda bir gezek geçirilýär we dünýäniň iň güýçli türgenlerini bir ýere jemleýär.
Bu halkara ýaryşda Türkmenistany Meýlis Paşagulyýew wekilçilik eder. Ol 85 kilogramdan ýokary agram derejesinde çykyş eder. Paşagulyýewiň sport üstünlikleriniň hatarynda Ukrainanyň iki gezek çempiony diýen ady bar, ol Ukrainanyň Kubogynyň eýesidir, Türkmenistanyň üç gezek çempionydyr, şeýle hem halkara ýaryşlarynda birnäçe gezek ýeňiş gazandy hem-de Merkezi Aziýanyň Kubogyna eýe boldy. Ol Ýewropanyň Kubogy ugrundaky ýaryşda hem baýrakly orna mynasyp boldy.
