«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, türkmen tennisçileri Deýwisiň Kubogynyň zolaklaýyn ýaryşynyň ilkinji duşuşygynda Bruneýiň ýygyndysyny 3:0 hasaby bilen ynamly ýeňdi.
Ýaryş Bahreýn döwletiniň Isa-Taun şäherinde geçirilýär. Türkmenistanyň ýygyndysy Aziýa we Okeaniýanyň V toparçasynda çykyş edýär. Bu ýerde 14 topar dört kiçi toparça bölünip, derejelerini ýokarlandyrmak ugrunda bäsleşýärler.
Birinji ýekelikdäki duşuşykda Selim Çagylow 54 minutda Geýwin Ýeng Kok Limden 6:0, 6:0 hasaby bilen üstün çykdy. Ikinji ýekelikdäki duşuşykda Allanur Daýanjow 1 sagat 55 minut dowam eden üç setlik oýunda Aýman Abdullany 6:2, 6:7(4), 6:1 hasaby bilen ýeňdi. Jübüt oýunda Meýlis Orazmuhammedow bilen Ýuriý Rogusskiý 38 minutda Geýwin Ýeng Kok Limi/ Ak Ahmad Dasuki PG Hadji Sulaymany 6:0, 6:0 hasaby bilen ýeňdiler.
Türkmenistan C toparçasynda Bahreýniň, Bangladeşiň we Bruneýiň ýygyndylary bilen çykyş edýär. Türkmen tennisçileriniň indiki garşydaşy Bahreýnden 0:3 hasaby bilen ýeňlen Bangladeşiň ýygyndysy bolar.
Dört toparçanyň ýeňijileri pleý-off tapgyryna çykar. Pleý-off tapgyrynda ýeňiş gazanan iki topar indiki ýyl Aziýanyň we Okeaniýanyň zolagynyň IV toparçasynda çykyş etmäge hukuk gazanar.
Türkmenistanyň ýygyndysyna şu türgenler we tälimçiler wekilçilik edýärler: Ýuriý Rogusskiý, Meýlis Orazmuhammedow, Selim Çagylow, Aly Geldiýew, Allanur Daýanjow. Ýygyndynyň kapitany – Miraly Gasanow, tälimçisi – Gurbanberdi Gurbandyýew, wekiliýetiň ýolbaşçysy – Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy Eziz Döwletow.
Türkmen tennisçileri 2004-nji ýyldan bäri Deýwisiň Kubogyna gatnaşýarlar. Biziň ýygyndymyz iň gowy netijäni 2015-nji ýylda gazanyp, Kuala-Lumpurda Aziýanyň we Okeaniýanyň III toparçasynyň pleý-off tapgyryna çykypdy.
