Türkmenistanyň we Russiýanyň Gahrymany, orbitada galmak boýunça dünýä rekordyny goýan kosmonawt Oleg Kononenkonyň, bäşinji kosmos ekspedisiýasy tamamlanyp barýar we ol 23-nji sentýabrda Ýere dolanar-diýip, «TASS» habarlar agentligine salgylanyp, Russiýanyň Türkmenistandaky metbugat gullugy habar berdi.
Munuň özi Halkara kosmos stansiýasynyň iň uzyn kosmos uçuşy hökmünde hasaba alynan 375 günlük çäräniň tamamlanýandygy görkezýär.
Türkmenabatda doglan, Russiýanyň iň tejribeli kosmonawty Kononenko şu ýylyň 4-nji fewralynda uly üstünlik gazanyp, taryhda jemi 1000 güni Ýer orbitasynda geçiren ilkinji adam boldy.
Kosmosa bäşinji uçuşyny amala aşyrýan Oleg Kononenko 2023-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Halkara kosmos stansiýasyndaky işine başlapdy.

