Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak Birleşen Patyşalykda ählumumy parlament saýlawlarynyň 4-nji iýulda boljakdygyny habar berdi. Bu barada BBC habarlar gullugyna salgylanýan «Belta.by» ýazýar.
Sunak Beýik Britaniýanyň geljegini çözmegiň wagtynyň gelendigini nygtady.
Ol öňdäki hepdelerde ýurduň raýatlarynyň her biriniň sesi üçin göreşmekçidigini sözüniň üstüne goşdy hem-de öz ýolbaşçylyk edýän Konserwatorlar hökümetiniň ýurduň ykdysady durnuklylygyny goramak üçin göreşjekdigini belledi.
Premýer-ministr özüniň hökümetiniň elmydama dogry çözgüt kabul edendigini ynamly aýdyp bilmejekdigini, emma häzire çenli bitirilen işler üçin buýsanýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
