Hytaýda ýaşaýan zenan lotereýada 930 müň dollar utdy, emma ony tötänden ýuwdy. Ol indi haraplan petegine utuşyny alyp bilmedi diýip, «MIR 24» ýazýar.
«Bu lotereýa peteginiň maňlaýyna ýuwlup bölek-bölek bolmak ýazylypdyr» diýip, zenan indi gynanyp gürrüň berýär.
Petegi bilen dörän ýagdaýy lotereýa merkezinde düşündirmäge jan etse-de, oňa utuşy diňe bitin petegi görkezende, alyp biljekdigini aýtdylar diýip, «World of Buzz» habar berýär.
