Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer H.Geldimyradow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek «Senagat — innowasiýa modeli ýurdumyzyň esasy strategik ugry» atly ylmy-amaly maslahata taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Hasabatda bellenilişi ýaly, 21-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän bu forumy Maliýe we ykdysadyýet ministrligi gurar. Oňa degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, bank ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri gatnaşar.
Maslahatyň esasy meseleleri Prezident Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan, ýurduň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler, maliýe-salgyt, pul-karz syýasaty, zähmet gatnaşyklary, maýa goýumlar, sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler, durnukly ösüşi üpjün etmekde innowasiýalaryň ähmiýeti hem-de beýleki ugurlar bilen baglanyşykly bolar.
Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, täze taryhy eýýamda amala aşyrylýan ykdysady strategiýanyň Türkmenistanyň ähli pudaklaryny düýpli döwrebaplaşdyrmaga, senagat taýdan ösüşe, sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga we halkyň abadançylygyny yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini belledi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow amala aşyrylýan özgertmeleriň anyk netijeleri berip, milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmäge, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmäge, şol sanda ýurduň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň häzirki zaman ulgamyna işjeň goşulmagyna mümkinçilik berýändigini belläp, wise-premýere Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçiriljek ylmy-amaly maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.
