

22.11.2025
1697

01.11.2025
8744

31.05.2025
25805

23.05.2025
22032
«Türkmennebit» döwlet konserni hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy 2018-nji ýylyň 20—22-nji noýabry aralygynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018» atly XXIII halkara maslahaty we halkara sergini geçirýär
Guraýjy topar Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, ýurdumyzyň raýatlaryny, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
20-nji noýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
21-nji noýabrda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli;
22-nji noýabrda sagat 10:00-dan 15:00-a çenli.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda geçirilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-86, 39-88-87, 40-30-67.