

22.11.2025
1742

01.11.2025
8770

31.05.2025
25820

23.05.2025
22042
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Türkmenistanyň söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 20 — 22-nji iýuly aralygynda «Saglyk—2018» atly halkara sergini we ylmy maslahaty geçirýär.
Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.
Serginiň iş wagty:
20-nji iýulda sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
21-nji iýulda sagat 10.00-dan 18.00-a çenli;
22-nji iýulda sagat 10.00-dan 15.00-a çenli.
Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän binasynda geçirilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 39-88-81(82)(83)(84)(85). Faks: 39-89-49.