

22.11.2025
1693

01.11.2025
8742

31.05.2025
25804

23.05.2025
22027
Ýewropanyň Ösüş we Täzeleniş Banky (ÝÖTB), Ýewropa Birleşiginiň maliýe goldawy bilen hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, 2018-nji ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda Aşgabat şäherinde, eksporty ösdürmek boýunça «Kiçi we orta kärhanalarynda eksporty ösdürmegi – eksporta taýýarlyk» atly 3-günlik okuw çäresini geçirýär.
Bu çäre 3 okuw günden ybarat bolup, eksportyň esaslary, bazar seljerme, hyzmatdaş saýlamak, halkara bazarda satmak, halkara marketing, eksporta taýýarlyk etmek meselelerine bagyşlanandyr.
ÝÖTB telekeçileri, kärhanalaryň ýolbaşçylaryny we eksport boýunça dolandyryjylaryny okuwa gatnaşmaga çagyrýar. Arzalar 20-nji maýa çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgimiz: (99312) 468820 we salgymyz: Aşgabat ş., Ataturk köç., 82, Berkarar işewürlik merkezi, 13-nji gat, M3.