Gresiýanyň ilaty soňky 13 ýylda dogluşyň peselmegi, garrama hem-de göçüş sebäpli 400 müň adam azaldy diýip, ýurduň habar beriş serişdelerine salgylanýan «Sinhua» agentligi ýazýar.
Fessaliýanyň uniwersitetiniň Demografik we sosial seljerme boýunça laboratoriýasynyň maglumatlaryna laýyklykda, ýagdaý ýene onýyllyklar dowam eder, sebäbi ölümlilik dogluşdan durnukly ýokary bolmagynda galýar, gartaşan adamlaryň paýy bolsa artmagyny dowam edýär.
2011-nji ýylda geçirilen ilat ýazuwy boýunça Gresiýada 10 816 286 adam ýaşan bolsa, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky ýagdaýa görä, bu görkeziji 10 400 720 adama çenli – 400 müň adam azalypdyr.
Şeýle-de 2023-nji ýylda çaga dogluşy 1950-60-njy ýyllardakydan iki esse kemelipdir. Ilatyň düzüminde gartaşan adamlaryň paýy 23 göterimi düzýär, bu çagalardan bir million adam köpdür.
2011-nji ýylda dörän kynçylykly ýagdaýlar ýaş grekleriň ýurdy terk etmegine sebäp bolupdyr. Muňa şeýle hem iş we ýaşaýyş öýi bilen kynçylyklar goşmaça täsir edipdir.

