Fransiýada Selsiý boýunça 42 gradusa çenli yssy howa dowam edýär. Ýurduň departamentleriniň onlarçasynda howa howplulugynyň «gülgün» derejesi hereket edýär diýip, «MIR 24» habar berýär.
Ýaşaýjylar Günden saýawanlar bilen goranýarlar, suw çüwdürimli howdanlardan haraý gözleýärler. Çaklamalara görä, howa ýene gyzmaly, duşenbede iň ýokary derejä ýetmeli.
Lionyň ýaşaýjysy Oliwýe Raýmo gürrüň berýär: «Biz eýýäm Lionda yssa öwrenişdik, şonuň üçin geň galybam duramzok. Biz kölege, içgi gözleýäris, buzgaýmak bilen ýüregimizi sowadýarys».
Muhammet, galyndylary gaýtadan işlemek boýunça işgär:
«Bu biraz kyn, ýöne öwrenişýärsiň. Has-da howa 40 gradusa ýetende, bu iş balaklarda işlemek kyn düşýär. Onsoňam men welosipedde hereket etmeli bolýaryn, köçelerde bolsa saýa ýok, şonuň üçin aňsat däl».
Yssa ulaglaram döz gelip bilenok. Milli demir ýollary kompaniýasy köne otlularyň näsazlyk tapmagyndan howatyrlanyp, 20 gatnawy ýatyrdy. Galyberse-de, görülmedik yssy tokaý ýangynlaryna-da getirdi.

