Welaýatda 2025-nji ýylyň geçen ýedi aýynda dürli pudaklarda uly ösüşler gazanyldy. Lebaply maldarlar tutanýerli zähmet çekmek bilen, mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak, zerur maldarçylyk önümlerini köp möçberde öndürmek ugrunda uly tagallalary edýärler.
«Türkmen gündogary» gazetiniň berýän habaryna görä, welaýatyň ähli hojalyklarynda gara mallaryň 561,6 müň, dowarlaryň 2 936,9 müň, guşlaryň 4 277,5 müň, düýeleriň 5,9 müň, gylýallaryň 2,8 müň başy idedilýär.
Gürrüňi edilýän döwürde bolsa etiň 73,9 müň (diri agramda), süýdüň 306,6 müň tonnasy, ýumurtganyň hem 130,3 million sanysy öndürildi.
Ilat üçin bu zerur önümleri öndürmekde Saýat, Çärjew, Halaç, Köýtendag etraplarynyň maldarlary has netijeli zähmet çekdiler we ýokary netijeleri gazandylar.

