Germaniýanyň ýaşaýjysy Leon Otremba özüniň kelte boýundan göwnüçökgünlige uçrady we aýaklaryny uzaltmak üçin operasiýa razylaşdy. Iki ýylda onuň boýy 24 santimetr uzaldy, emma ol hemişe güýçli agyrydan ejir çekýär diýip, «Metropoles» portaly gürrüň berýär.
23 ýaşly Otremba hemişe 171 sm boýy sebäpli ruhy azap çekýärdi, ol özüni girdenek hasaplaýardy hem-de munuň üçin öte utanýardy. Netijede, ýaş ýigit iki ýyla basalykly wagtda aýaklaryny uzaltmak üçin iki operasiýany geçirdi, indi onuň boýy 195 sm diýlip, habarda bellenýär.
Birinji operasiýa 2023-nji ýylda boldy, şonda Leonyň but süňklerini metal sterženleriň we daşky sazlaýjynyň kömegi arkaly 10 sm uzaltdylar. Her gün gurnamany süňkleri kem-kemden uzaltmak üçin 1 mm towladylar. Leon alty aýy maýyplaryň arabasynda geçirdi.
2025-nji ýylda ýene bir bejergiden soňra ýaş ýigit aýlap dikelmeli boldy, ol hatda ýöremegi-de gaýtadan öwrendi.
Leon Otremba özüniň ilkibaşky boýunyň diňe ejir çekdirendigini gürrüň berdi. Ol kelte boýy sebäpli maşgala bolup düşülen fotosuratlara seredip bilmeýärdi. Ahyrynda ol göwnüçökgünlige düşdi. Bejergiler Leona özüne ynamy berdi, agyra seretmezden, ýaş ýigit geljekde bu operasiýalary gaýtalamakçydygyny aýdýar.
Emma ortoped-lukmanlar şeýle operasiýalaryň saglyk üçin örän howpludygyny duýdurýarlar.

