Garagalpagystanyň Ellikgala etrabynda bahasy 75 milliard som töweregi bolan jahankeşdelik zolagy gurlar, bu barada Žokarky Kenesiň metbugat gullugyna salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi. Täze zolak Akçakul kölüniň kenarynda gurlar. Öň kölüň Zarbdor etrap ýakasynda şeýle jahankeşdelik zolagy gurlupdy.
Taslama görä, kenarda üç myhmanhana, 18 myhman öýleri, 20 ak öý, iki restoran gurmak meýilleşdirilýär, şeýle-de zolak zerur bolan infrastruktura bilen üpjün ediler. Taslama işe girizilenden soňra 75 iş orny dörediler.

