Golaý ýyllarda Ýaponiýada görülmedik ýer yranma bolup biler, hünärmenler onuň döremek ähtimallygyny ýokary diýip çaklaýarlar. Ýurduň Hökümeti eýýäm bu barada raýatlara duýdurdy.
Hünärmenler heläkçiligiň çeşmesiniň ýurduň günorta-günbatar kenarýakasyndaky Nankaý ternawynyň boljakdygyny aýdýarlar. Ol şeýle-de trillionlarça dollarlyk ýitgi getirjek uly deňiz joşmasyny döreder. Deňiz harasatynyň tolkunlary 20 metre ýetip biler diýlip çaklanýar.
Seýsmiki işjeňligiň iň ýokary derejesini eýýäm Osaka, Wakaýama, Kumamoto we Miýadzaki prefekturalarynda synlamak mümkin.
Ýurduň häkimiýetleri eýýämden bu adatdan daşary ýagdaýa garşy maksatnamany täzelediler. Oňa täze bentleriň hem-de gorag desgalarynyň gurluşygy, ilaty halas etmek üçin gaçybatalgalary gurmak, raýatlary okatmak we yzygiderli türgenleşikleri geçirmek, şeýle-de dessin habardar etmek ulgamyny kämilleşdirmek girizildi.
Öň ýapon neşirleri deslapky hasaplamalara laýyklykda, bu güýçli ýer sarsgyny netijesinde 298 müň adamyň gurban boljakdygyny ýazdylar. Olaryň 215 müňüsine deňiz harasaty sebäp bolup biler.
Bu barada «news.rambler.ru» habar berdi.

