Tehasda (ABŞ) garry zenan eli sapançaly oturgyçda oturyp, uly köçäniň hereketine päsgel berdi, netijede, iki tarapa hem ulag hereketi birnäçe sagat saklandy. Bu barada «fox26houston.com» neşirine salgylanýan «Gazeta.ru» habar berdi.
«Zenan uly gara ýoluň esasy zolaklarynda ornaşdy. Polisiýa onuň boýun egmekden ýa-da ýaragyny tabşyrmakdan ýüz öwrendigini habar berdi» diýlip, habarda bellenýär.
Birnäçe sagatdan soňra düzgün bozujy boýun egdi. Ony ýörite hukuk goraýjy toparyň esgerleri saklap, lukmanlara gowşurdylar. Wakanyň bolan ýerine garrynyň dogan-garyndaşlarynyň biri çagyryldy. Köçäni ýapmazyndan öň oturgyçly kempiriň ýük ulagy bilen çaknyşandygy, hiç kimiň ejir çekmändigi hem aýdylýar.

