Şu gün Türkmenistanyň Mejlisinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Elizabet Ruduň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berilýär.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki döwletiň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Habarda bellenilişi ýaly, ilçi parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we oňyn başlangyçlary bilen ýokary halkara abraýa eýe bolan döwletde ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda ilçi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň içeri hem-de daşary syýasatynyň esasy ugurlary, döwlet Baştutanynyň başlangyçlary esasynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler, iri halkara taslamalar bilen tanyşdyryldy.
Şeýle hem milli Parlamentiň düzümi we onuň köpugurly işi, hususan-da, ýurtda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Ilçi Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.

