Gyrgyzystan poçta ibermelerini daşamakda Hazar deňzindäki Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň logistika toplumyny ulanmak barada Türkmenistan bilen ylalaşdy. Bu barada «Trend» habar berýär.
Çeşmäniň bellemegine görä, «Kygryz poçtasy» kompaniýasynyň baş direktory Marat Çerikçiýew bilen «Türkmenpoçta» kompaniýasynyň baş direktory Serdar Owwadowyň arasynda onlaýn duşuşyk geçirilip, onda taraplar uzakmöhletleýin strategiki hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.

«Bu ylalaşygyň maksady poçta ibermeleriniň logistikasy we elektron söwda pudagynda durnukly we özara peýdaly gatnaşyklary ýola goýmakdan ybaratdyr. Onda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň üsti bilen deňze çykmak arkaly Hytaýyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň arasynda üznüksiz logistika zynjyryny döretmäge aýratyn üns berilýär» diýlip, habarda bellenilýär.
M.Çerikçiýewiň aýtmagyna görä, bu ylalaşyga gol çekişmek diňe bir iki poçta operatorynyň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen çäklenmän, Gyrgyzystanyň we Türkmenistanyň raýatlary üçin has netijeli hem-de elýeterli poçta hyzmatlarynyň döredilmegine ýol açýar.
«Logistikany gowulandyrmak we poçta ibermeleriniň bellenen salga eltilmegini çaltlaşdyrmak bu hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary bolup, iki ýurduň ykdysadyýetine we iki halkyň gündelik durmuşyna şübhesiz oňyn täsir eder» diýip, M.Çerikçiýew nygtaýar.
Bellenilişi ýaly, ylalaşyk iki ýurtda işewürlik bilen jemgyýetiň arasynda has ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge hymzat eder. Hususan-da, ol elektron söwdany ösdürmek hem-de tejribe alyşmak üçin täze mümkinçilikler açýar.

