Perseý atly pişik Wyborg köşgüniň resmi işgäri boldy

10:5427.04.2024
0
9035
 Perseý atly pişik Wyborg köşgüniň resmi işgäri boldy
Surat: mir24.tv

Russiýadaky taryhy Wyborg köşgünde ýaşaýan Perseý lakamly pişik onuň resmi işgäri boldy. Ony ylmy bölüme geçirip, zähmet depderçesini gowşurarlar. Bu barada muzeý-goraghananyň sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdiler diýip, «MIR 24» ýazýar.

Edaranyň işgärleriniň sözlerine görä, pişik synag döwründe özüni oňat tarapdan görkezipdir, ol ylmy gözleg we arheologiýa ulgamynda özüniň ajaýyp häsiýetlerini açmagy başarypdyr. Perseýiň esasy iş ugrunyň psihiki taýdan bejerişe degişlidigini belleýärler.

«Tebigy endikleri babatda hem ol özüni görkezdi, syçan tutýar, guşlary-da tutýar» diýip, muzeýiň işgärleri gürrüň berýärler.

Perseý Wyborg köşgünde öň ýaşan we 2011-nji ýylda 18 ýaşynda ölen Filimon atly pişigiň oruntutarydyr. Filimon dirikä, muzeýiň «uly myrlaýan işgäri» hökmünde zähmet çekýärdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň