Özbegistanda we Täjigistanda soganyň bahasy güýçli arzanlady

15:5907.05.2024
0
10670
 Özbegistanda we Täjigistanda soganyň bahasy güýçli arzanlady
Surat: daryo.uz

Özbegistanda we Täjigistanda soganyň lomaý nyrhy taryhda iň pes derejede arzanlady diýip, «East Fruit» portalyna salgylanýan «Daryo.uz» habar berdi.

Şol sanda lomaý bazarda ter soganyň kilogramynyň bahasy 10-20 sente deň, tonnasyny 100 dollara satyn almak bolýar.

Hünärmenler bu ýyl Özbegistanda we Täjigistanda soganyň bol hasylyna garaşýarlar. Netijede, onuň bahasy gymmatlamaz diýip, olar belleýärler. Maýyň ortalarynda onuň bahasy kadalaşar diýlip garaşylýar.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda Özbegistan soganyň 103 müň tonnasyny, ýagny 26 million dollara golaýyny eksport etdi. Bu tutuş geçen ýyldakydan 18,3 göterim artykdyr diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň