«Yupekchi» täze önüm hödürleýär: witaminli «BOLD Mango kokos» içgisi

11:2208.05.2024
0
14286

«Yupekchi» kompaniýasy serginlediji, tagamly, witaminli we miwe şireli «BOLD Mango kokos» içgisi bilen sarp edijilerini begendirýär, bu içgi eýýäm Türkmenistandaky dükanlaryň tekjelerinde hödürlenýär.

Içgi iki göwrümde elýeterlidir: 330 ml we 500 ml. «BOLD Mango kokos» diňe bir suwsuzlygy gandyrman, eýsem, saglygy berkitmek we özüňi gowy duýmak üçin gerek bolan C we B6 witaminleri bilen bedene güýç berýär.

Onuň gabynyň özüne çekiji mämişi-gök reňkli dizaýny derrew göze ilýär we ünsi çekýär. Mangonyň we kokosyň tagamlarynyň ýeňil sazlaşygy ýakymly tagam berýär we sowadylan «BOLD Mango kokos» yssy günlerde iň gowy ýoldaş bolar.

Satuw başlamazdan ozal alyjylary täze önüm bilen tanyşdyrmak üçin Aşgabadyň iri söwda merkezlerinde tagamy dadyp görmek çäreleri geçirildi.

Täze önüm ilkinji gezek Türkmenistanyň daşynda geçirilýän «InterFood Azerbaýjan 2024» halkara sergisinde hödürlener, bu ýerde «Yupekchi» kompaniýasy diňe täze önüm bilen potensial hyzmatdaşlary tanyşdyrmak bilen çäklenmän, täze distribýutorlary hem tapmagy meýilleşdirýär.

«BOLD Mango kokos» tomsuň ajaýyp tagamlaryna ýokary baha berýänler üçin içgidir!

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  • salgysy: Mary welaýaty, Sakarçäge etraby, Sakarçäge şäheri, Gündogar köç., 2;
  • telefon (+993) 566 5 03 65;
  • faks (+993) 566 5 03 66;
  • elektron poçta info@yupekchi.com;
  • web-saýt yupekchi.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň