100 ýaşly amerikaly deprekçi uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy

10:5208.05.2024
0
7566
100 ýaşly amerikaly deprekçi uzak ýaşamagyň syryny paýlaşdy
Surat: news.ru

ABŞ-da ýaşaýan deprekçi Rojer Wonson özüniň 100 ýaşynyň toýunda halaýan käriň bilen meşgullanmagy öwüt berdi diýip, «People» neşirine salgylanýan «News.ru» ýazýar. Ol garrylar öýünde ýaş toýuny belledi.

«Garrylyga garaşyp, bikär ýatmaň» diýip, deprekçi nygtady. Ol özüniň «The Current Voltance» aýdym-saz topary bilen garrylar öýünde çykyş etdi. Ol toparyň agzalaryny garrylar öýünde ýaşaýanlardan düzdi.

Goja sazanda ýaşlary hemme zatda kanagatly bolmaga çagyrdy. Oňyn pikirde bolmak, geljege umytly garamak adamy kesellerden goraýar diýip, ol aýtdy. Beýleki adamlara duýgudaşlyk etmek, olary goldamak başarnygy pugta adam gatnaşyklarynyň girewidir.

Sazanda şeýle-de oýlanyşyksyz sözlemekden, hereket etmekden saklanmaga çagyrdy. Ol şunda her sözüňi ýedi ölçäp-bir kesmäge çagyrdy, «sebäbi agyzdan çykan sözi yzyna gaýdyp alyp bolmaýar» diýip, Wonson ýaşlara öwüt berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň