Soňky habarlar

Arhiw

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi

19:0325.04.2024
0
10562

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýylyň 20-nji aprelinde çykaran karary esasynda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp gidendikleri bilen baglylykda, şol saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryny 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda, ýekşenbe güni geçirmek bellenildi. Bu saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek maksady bilen, şu gün, 25-nji aprelde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda habar berildi.

Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary we edarasynyň hünärmenleri, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň merkezi edaralarynyň milli synçylar boýunça jogapkär wekilleri hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 4-nji we 85-nji maddalaryna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda geçiriljek saýlawlara guramaçylykly taýýarlyk görmek we geçirmek bilen baglanyşykly birnäçe meselelere garaldy. Has anygy, saýlawlara taýýarlyk görmek we guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem, öňde boljak saýlawlar boýunça saýlaw möwsüminiň 2024-nji ýylyň 26-njy aprelinden başlanýandygy yglan edildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlar boýunça degişli okruglaryň we uçastoklaryň çäklerini kesgitlemek, şeýle-de, öňden hereket edip gelýän okrug we uçastok saýlaw toparlarynyň düzüminde seljerme geçirmek meselesine garaldy. Şeýle hem saýlaw toparlarynyň agzalary üçin okuw maslahatlaryny geçmek hem meýilleşdirildi.

Mundan başga-da, saýlaw möwsüminiň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeler barada Aşgabat şäheriniň saýlaw toparynyň başlygynyň habary diňlenildi. Şeýle-de, Merkezi saýlaw toparynyň ýanyndaky Milli synçylar bilen işlemek boýunça iş toparynyň düzümine üýtgetme girizmek meselesine garaldy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň agzalary saýlaw möwsüminiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda möhüm wezipeleri kesgitlediler. Şeýle hem saýlawlaryň demokratik ýörelgelerini, aýdyňlygyny we giň bäsleşikli bolmagyny üpjün etmek boýunça ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň