Soňky habarlar

Arhiw

Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy

11:5604.05.2024
0
16259
Türkiýede ýolagçy awtobusy jara, Pakistanda jülgä gaçdy
Surat: belta.by

Türkiýede içi ýolagçyly awtobus çuň jara gaçdy diýip, «Belta.by» belarus saýty ýazýar.

Ýol-ulag heläkçiligi Ankara-Nigde ýolunda boldy. Awtobus dolandyryşy ýitirdi we käle gaçdy. Netijede, iki adam pida boldy, 36 adam şikes aldy. Wakanyň bolan ýerine gyssagly gulluklar: poliseýler, lukmanlar we ýangyn söndürijiler geldi.

Ýolagçylaryň biriniň aýtmagyna görä, sürüji ruluň başynda uklady.

Pakistanda hem ýolagçy awtobusynyň jülgä gaçandygy habar berilýär. Heläkçilik netijesinde 20 adam gurban boldy diýip, «24KZ» habar berdi. 30 adam şikes aldy, bäş adam agyr ýagdaýda.

Heläkçilik ýurduň demirgazygynda, Çilas şäherinden 20 kilometrlikde boldy. Sürüji ulagy dolandyryp bilmedi.

Pakistanyň Hökümet başlygy gurban bolanlaryň ýakynlaryna gynanç bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň