Soňky habarlar

Arhiw

Arkadag şäher häkimligi Aşgabat — Gökdepe ýolunda gurluşyk­-gurnama işleriniň başlandygyny habar berdi

07:2529.04.2024
0
23979

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň, Arkadag şäheriniň häkimliginiň degişli bildirişi «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi. Bildirişde şeýle bellenilýär:

«Arkadag şäheriniň binagärlik­ şäher gurluşyk keşbini has­-da gözelleşdirmek, ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara we ýolagçylara has amatly, döwrebap şertleri döretmek üçin, Köpetdag şaýolunyň «Polatly» binasy bilen «Akhan» binasynyň aralygyndaky ýol böleginde, şeýle­-de Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky gatnawly ýolda gurluşyk­-gurnama işlerini geçirmek zerurlygy ýüze çykýar.

2024­-nji ýylyň 29­-njy aprelinden başlap, gurluşyk­-gurnama işleri tamamlanýança, ýokarda görkezilen ýollarda gatnawlaryň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlaryň bähbidine gönükdirilen bejeriş­ abatlaýyş işleriniň geçirilmegi, ýollaryň durkunyň düýpli abadanlaşdyrylmagy ýolagçylar üçin ählitaraplaýyn amatlyklary döreder».

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň