Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar

17:0825.04.2024
0
9670

Türkmenistanyň wekiliýeti Owganystanda söwda we üstaşyr ýük daşamalary barada üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşar. Gepleşikler türkmen, owgan we gazak wekiliýetleriniň arasynda bolup geçer. Şol maksat bilen Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem Owganystana sapar bilen bardy.

Türkmenistanyň, Owganystanyň hem-de Gazagystanyň arasynda geçiriljek üçtaraplaýyn gepleşiklereiň esasy temasy sebit intergasiýasyny we taraplaryň özara söwdasyny, üstaşyr ýük daşamalaryny ösdürmekden ybarat bolar.
«Bakhtar News» saýtynyň habar bermegine görä, türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde türkmen-owgan gepleşikleri hem geçirilip, onda, esasan, iki ýurduň arasyndaky söwdany we üstaşyr ýük daşamalaryny ösdürmek bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Ýeri gelende bellesek, 2023-nji ýylda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy 481 million amerikan dollaryna deň boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň