Soňky habarlar

Arhiw

Gresiýanyň asmany mämişi reňke boýaldy

14:0925.04.2024
0
9670
Gresiýanyň asmany mämişi reňke boýaldy
Surat: mir24.tv

Gresiýanyň asmany narynç reňkli boldy. Bu tebigy hadysanyň sebäbi Sahara çölünden günorta şemalynyň getiren tozany diýip, «MIR 24» ýazýar.

Hünärmenleriň sözlerine görä, bu soňky alty ýylda iň güýçli tozan öwüsginidir. Dem alyş ýollarynyň sökelliklerinden ejir çekýän adamlara köçä çykmazlyk maslahat berildi.

Saharadan her ýyl şemal 60-200 million tonna aralygynda mineral tozan getirýär. Eger uly tozan bölejikleri tiz ýere çökýän bolsa, owunjak bölejikler müňlerçe kilometri geçip, bütin Ýewropanyň çägini basyp bilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň