Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar

15:5006.05.2024
0
18944
Türkmenistanyň işewür wekiliýeti Owganystada saparda bolýar
Surat: pajhwok.com

Tükmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy Nökerguly Atagulyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen işewür wekiliýeti şenbe güni Owganystanyň Hyrat şäherine bardy. Saparyň maksady iki ýurduň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny giňeltmekden ybaratdyr. Bu barada «Pajhwok» saýty habar berýär.

Hyratdaky senagat we söwda müdiri Başir Muhammet Sirat wekiliýetiň iş saparynyň çäginde ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklaryň ösüşiniň ara alyp maslahatlaşyljakdygyny, wekiliýetiň agzalarynyň Owganystanyň senagat sebitlerine, şol sanda Hyratyň mermer zawodlaryna baryp görjekdiklerini we gurluşyk materiallaryny, esasan hem, mermeri Türkmenistana eksport etmek baradaky owgan tarapynyň tekliplerini öwrenjekdiklerini mälim etdi.

Owgan metbugatynyň habaryna görä, Nökerguly Atagulyýew Hyrat şäheriniň gubernatory Nur Ahmad Islamjar bilen bolan duşuşygynda özüniň ýolbaşçylyk edýän wekiliýetiniň Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky söwda we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek üçin gelendigini nygtady. Hyrat şäheriniň gubernatory bolsa häzirki wagtda Hyratda 1000 töweregi zawodyň bardygyny we welaýatda ähli önümleriň hususy pudak tarapyndan öndürilýändigini belledi.

Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunkiasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýewiň aprel aýynyň ahyrynda Kabulda saparda bolup, ol ýerde Gazagystanyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary we Owganystanyň söwda-senagat ministri bilen üçtaraplaýyn gepleşiklere gatnaşandygyny, gepleşikleriň netijesinde Hyratda üç ýurduň maýa goýumynyň gatnaşmagynda täze logistika merkeziniň dörediljekdigni habar beripdik.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň