Soňky habarlar

Arhiw

Maýsa Pardaýewa dzýudo boýunça Duşenbede geçirilýän «Uly tuwulga ýaryşynda» ilkinji bäşlige girdi

14:0905.05.2024
0
8953

Türkmenistanly dzýudoçy Maýsa Pardaýewa Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçirilen «Uly tuwulga» ýaryşynda öz agram derejesinde iň güýçli türgenleriň ilkinji bäşligine girrmegi başardy.

Deslapky tapgyrlarda azerbaýjanly Açelýa Toprakdan, polşaly Arleta Podolakdan, «A» toparçanyň ýeňiji bolmak ugrundaky tutluşykda kanadaly Jessika Klimkaitden asgyn geldi. Muňa garamazdan, ilkinji iki ýeňşi Maýsa bürünç medal ugrundaky göreş alyp barmaga mümkinçilik berdi. Bu göreşde ilki bilen germaniýaly Pauline Starkeden üstün çykan Maýsa bürünç medalyň eýesini kesgitlejek tutluşykda italiýaly Weronika Toniolodan asgyn gelip, ýaryşy bäşinji orunda tamamlady. Bu netije hem Maýsa täze reýting utuklaryny gazandyrdy.

Ol häzir zenanlaryň arasynda 57 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiýa oýunlaryna gatnaşjak türgenleriň arasynda utuklarynyň mukdary boýunça 21-nji orny eýeleýär. Bu orun M.Pardaýewa dünýäniň iň iri sport baýramçylygynda ýaryşmak hukugyny doly berýär. Ýöne öňümizdäki ýaryşlarda Maýsanyň ilkinji 20-lige girmäge hem mümkinçiligi bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň