Soňky habarlar

Arhiw

Britan atly gwardiýasynyň atlary Londonda dört adamy ýaralady

11:2925.04.2024
0
8065
Britan atly gwardiýasynyň atlary Londonda dört adamy ýaralady
Surat: ren.tv

Britan atly gwardiýasynyň bäş aty türgenleşik wagty üstündäki çapyksuwarlary agdaryp, gaçdy we Londonyň köçelerinde dört adamy ýaralady. Olar ulaglara hem zeper ýetirdiler. Bu barada «Daily Telegraph» neşirine salgylanýan «Ren.tv» ýazýar.

Paýtagtyň «Tiz kömek» gullugynyň maglumatlaryna görä, azyndan dört adam wakada şikes aldy, olaryň biri atly goşunyň esgeri. Atlaryň özleriniň şikes alanlary bar.

Iki awtoulagyň hem haraplanandygy habar berilýär, olaryň biri «Clermont» oteliniň öňünde duran taksi, beýlekisi iki gatly awtobus.

Ähli gaçan atlar tutuldy, ejir çekenlere lukmançylyk kömegi berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň