Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar

19:1224.04.2024
0
13431
Aşgabatda Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Surat: thediplomat

Şu gün Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça Döwlet sekretary Dewid Kameronyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.

Duşuşygyň çäklerinde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň dürli meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklary halkara düzümleriň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.

Ýaňy ýakynda gol çekilen iki döwletiň daşary syýasat edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlyk Maksatnamasynyň derwaýyslygyny belläp, diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmeleri yzygiderli geçirmegi dowam etdirmek barada ylalaşdylar.

Söhbetdeşler söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen-britan söwda-senagat geňeşiniň (TUKTIC) alyp barýan işleriniň ähmiýeti nygtaldy.

Gepleşikleriň dowamynda daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi, «ýaşyl» geçiş, medeniýet, bilim we beýleki çygyrlar türkmen-britan gatnaşyklarynyň geljegi uly ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň