Soňky habarlar

Arhiw

Ýerli haýwanlara azyk we derman serişdeleri paýlandy

13:5124.04.2024
0
8665
 Ýerli haýwanlara azyk we derman serişdeleri paýlandy
Surat: newscentralasia.net

Halkara Ýer güni mynasybetli Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekiliýetiniň hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň işgärleri ýerli haýwanlara azyk we derman serişdelerini paýladylar-diýip, newscentralasia habar berdi.

Çeşmede bellenişine görä, çäräniň çäklerinde ÝB-nyň wekiliýeti we Tebigaty goramak jemgyýetiniň işgärleridir meýletinçiler haýwanlaryň saklanýan ýerlerine baryp gördüler we olara nähili ideg edilişi, iýmitlendirilişi bilen ýakyndan tanyş boldular.

Saparyň dowamynda täsirli suratlardyr wideolar düşürildi. Olar haýwanlary alyp, saklamaga höweslendirmek üçin jemgyýetçilik torlarynda paýlaşylar.

«Haýwanlara ideg etmek islendik sagdyn jemgyýetiň durmuşynyň bir bölegidir. Türkmenistanda ýaşaýan haýwanlara goldaw bermekden hoşallyk duýýaryn. Şeýle hem biziň işimize ýakyndan ýardam berýän meýletinçilerimize aýratyn sag bolsun aýdasym gelýär. Olar ähli jandarlara ýaşamaga has gowy şert döretmek üçin köpçülikleýin hereket etmegiň nä derejede möhümdigini görkezýärler»-diýip, hanym Renata Wrobel belläp geçdi.

Ýeri gelende nygtasak, käbir haýwanlaryň saglygyny goramak we ýitip, ýok bolup barýan haýwanlaryň sanyny gözegçilikde saklamak üçin maliýe serişdeleri bölünip berler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň