Türkmenistanyň deňiz gämisiniň döwrebaplaşdyrylmagy boýunça «Weichai» iženerçilik korporasiýasy bilen maslahatlaşyldy

10:4319.04.2024
0
10225

Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmagyň çäginde, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody bilen Hytaýyň öňdebaryjy «Weichai» iženerçilik korporasiýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, duşuşygyň dowamynda zawodyň wekilleri myhmanlary «Balkan» gämi gurluşyk zawodynyň ýerine ýetirýän wezipesi, önümçilik mümkinçilikleridir ýokary tehnologiýaly önümleriň köp görnüşi, ýagny zawodyň gurluşyk sehlary we gurluşyk meýdançalary bilen tanyşdyrdy. Myhmanlar, esasan hem, zawodyň häzirki zaman önümçilik infrastrukturasyny we ösen tehnologiýalaryny aýratyn bellediler. Şeýle hem taraplar gelejekde hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri babatynda meseleleri boýunça gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda «Saparmyrat Niýazow» gämisini döwrebaplaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar gämi enjamlarynyň tehniki aýratynlyklarynyň kämilleşdrilmegini göz öňünde tutup, esasy hereketlendirijileriň we dizel hereketlendirijileriň çalyşmagyň dürli ugurlaryna garadylar.

Mundan başga-da, myhmanlar «Saparmyrat Niýazow» gämisine baryp gördüler, döwrebaplaşdyryljak hereketlendiriji otagynyň we esasy enjamlaryň ýerleşdirilişini jikme-jik öwrendiler.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge özara gyzyklanma bildirdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň